Saglyk, sagdynlyk adamzat durmuşynyň bahasyna ýetip bolmaýan iň gymmatly baýlygydyr. Halkymyzda «Ähli zadyň sakasy — saglyk» diýlip, adamzadyň ýaşaýşynda saglygyň, sagdynlygyň iň wajyp zerurlyk hökmünde ähmiýeti nygtalsa, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy», «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip, saglygy ynsan durmuşynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygyna deňeýär.
Ata Watanymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Her güni ösüşleriň täze menzillerine beslenýän döwletimizde halkyň saglygyny gorap saklamak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak babatynda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, halk arasynda zyýanly endikleri ýok etmek, dürli keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, lukmançylyk ylmyny hem-de tejribesini ösdürmek, ulgama iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrundaky işler üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň ylmy usullary giňden ornaşdyryldy.