Watanymyzyň bagtly ýaşlary

8 Oktýabr 2024
407

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar. Ýaşlaryň aň-düşünje, beden taýdan sagdyn, hünärine ezber, saýlap alan ýoluna yhlasly bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly we olara bildirilýän ynam hem ýokarydyr» diýip belleýär. Bu çuň manyly sözler biz — bagtyýar ýaşlary bilimleri çuňňur özleşdirmäge, ökde hünärmenler bolup ýetişmäge, gurmaga, döretmäge ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda edilýän aladalar bimöçberdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okanymyzda muňa has anyk göz ýetirýäris. Ýol-ýörelgämize öwrülen bu ajaýyp kitapda Garaşsyz döwletimizde amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň tutýan orny barada aýdylýar.

Aýna AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.