Ýakynda maýor Merdanmuhammet Gurbanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde, serkerdäniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Döwlet Ýusupowyň guramagynda şahsy düzüm bilen welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň başlygy Bibigül Amanowa, TMÝG-niň şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Meýlis Ataýew, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, welaýat Polisiýa müdirliginden Tawus Ýagmyrowa we harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Maksat Çaryýew dagy harby gullukçylaryň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, Watan mukaddesligi we onuň gymmaty barada söhbet etdiler.
Maral ANNAÝEWA,
kapitan.