Awtobus hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we ilatyň ýol ulagyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabryndan Aşgabatda aşakdaky görkezilen belgili awtobuslaryň ugurlary üýtgär: • «Parahat - Howa menzili» №18 awtobus ugry N. Andalyp köçesinden Görogly köçesine tarap gönükdiriler. • «Awtokombinat - Kardiologiýa merkezi» №32 awtobus ugry indi Arçabil şaýolunyň halkasyndan öwrülip, N. Andalyp köçesine tarap yzyna gaýdar. • «Gurtly - Halkara nebit we gaz uniwersiteti» №46 awtobus ugry bolsa ugruny N.Andalyp köcesinden Arçabil şayoly aylawyndan günbatar tarapa Turkmenbaşy-Arçabil şayollarynyñ aylowyndan gündogarlygyna aylanyp "Mukamlar" köşgine we "Nebit we Gaz uniwerstiteti" duralgasyna, yzyna gelen ýoly bilen N.Andalyp köçesinden gaýdar.
Bu üýtgeşmeler şäheriň jemgyýetçilik ulag pudagyndaky ýola goýlan hyzmatlaryň netijeliligini we medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.