“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik

9 Oktýabr 2024
438

Tejen etrabyndaky Dikeldiş merkezinde “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen, Sarahs, Babadaýhan etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda geçen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeler bilen bagly gürrüň edildi.

Söhbetdeşligiň barşynda täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dowamatynyň dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen durlup geçildi. Söhbetdeşlige gatnaşanlar ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Bägül GURBANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni, Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy.