Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşleriň we özgertmeleriň zamany. Oňa ösüşiň täze taryhy döwri diýlip aýdylmagy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Bu döwürde Watanymyzda ähli ugurlarda beýik özgertmeler amala aşyrylýar, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar, uly sepgitlere ýetilýär. Şonuň netijesinde bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artýar, Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty dabaralanýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz — bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris” diýip bellemek bilen, agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýolunyň ynamly dowam etdiriljekdigini nygtady. Munuň özi ulus-ilimiziň buýsanjyny goşalandyryp, röwşen geljegimize bolan ynamymyzy artdyrdy.