Etiň ornuny tutýan iýmitler
Et saglyk üçin iň peýdaly iýmitleriň biri bolup, belogyň çeşmesi hasaplanýar. Belok dyrnakdan başlap, beden agzalarynyň ählisi üçin zerur bolan maddalaryň biridir. Köpler eti her gün iýmegi halaýan bolsa, käbir adam et iýmegi halamaýar. Bilermenler etiň düzüminde saklanýan witamindir peýdaly maddalary beýleki iýmitlerden hem alyp bolýandygyny belleýärler. Geliň, beloga baý, etiň ornuny tutýan iýmitler bilen tanyş bolalyň! Merjimek. B witamine, folata, marganese, demre, beloga we süýüme baý iýmit hasaplanýan merjimekden, esasan, çorba bişirilýär. Bir şakäse merjimek çorbasynda beden üçin her gün zerur bolan süýümiň üçden bir bölegi saklanýar. Aşgazanda tiz özleşýän bu ýeňiljek çorba adamy uzak wagtlap dok saklaýar. Bedeni kuwwatlandyrýan bu iýmit aşgazan-içege ulgamyndan başlap, holesteriniň derejesini kadaly saklamaga we ýürek-damar ulgamyny goramaga ýardam edýär.