Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň geljegi bolan ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda talyp ýaşlara bilim bermek, ylmy garaýyşlaryny ýokarlandyrmak, milli gymmatlyklarymyz esasynda häzirki zaman türkmen jemgyýetine mahsus şahsyýetleri kemala getirmek we olaryň hünäriniň hakyky eýesi bolmak üçin alnyp barylýan işler berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan bilim syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleri esasynda bilimiň hili täze derejelere çykýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara ders, taslama we ylmy bäsleşikler, olimpiadalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu asylly däp «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem halkara derejesinde geçirilýän çäreleriň, olimpiadalaryň we bäsleşikleriň üstüni ýetirýär hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki mynasyp ornuny has-da berkidýär.
Üstümizdäki ýylyň 11 aýynyň dowamynda mekdep okuwçylarydyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezip, jemi 821 medal gazandylar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň we bäsleşikleriň 17-si, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 9-sy geçirildi. Hasabat döwründe ylmyň, tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça golýazmalar we oýlap tapyşlar seljerilip, şolaryň 2221-si makullanyldy.