Sport­da ýe­ňiş­le­re bes­le­nen ýyl

11 Dekabr 2024
100

Ta­mam­la­nyp bar­ýan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň aja­ýyp sport üs­tün­lik­le­ri mil­li spor­tu­my­zy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­mak ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ne­ti­je­li iş­le­riň mi­we­si­dir. El­bet­de, mu­nuň mil­li spor­tu­my­zyň ta­ry­hy ýe­ňiş­le­re uza­ýan ýo­lu­nyň bin­ýa­dy­ny go­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de şol döw­let­li baş­lan­gyç­la­ry my­na­syp do­wam et­dir­ýän hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len bag­ly­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

Iri sport mer­ke­zi hök­mün­de uly ab­raý­dan peý­da­lan­ýan Wa­ta­ny­my­zyň eýe bo­lan be­lent sep­git­le­ri diý­seň buý­san­dy­ry­jy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň hal­ka­ra yk­rar­na­ma­sy­na eýe bol­ma­gy Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hem şeý­le wa­ka­la­ryň bi­ri hök­mün­de göw­nü­mi­zi gal­kyn­dyr­dy.