Gonkong uniwersitetiniň alymlary internetiň ýaşy durugşan adamlaryň ruhy taýdan saglygyna edýän täsirini öwrendiler. Olar munuň üçin dürli ýurtlarda ýaşaýan 87 müň 559 adamyň saglyk ýagdaýlaryny seljerdiler. Netijede, global tory ulanýan garrylaryň göwnüçökgünlige duçar bolmak ähtimallygynyň azdygy ýüze çykaryldy. Bu barlag «Nature Human Behavior» (NHB) ylmy žurnalynda çap edildi.
Geçirilen barlaglarda interneti ulanýan garrylar özlerinde göwnüçökgünlik alamatlarynyň azdygy, ulanmaýanlar bilen deňeşdirilende, özlerini has oňat duýýandyklary barada habar beripdirler. Alty ýyl dowam eden barlaglarda internet ulanmagyň garrylaryň göwnüçökgünligini azaldýandygy, özlerini duýşuny gowulandyrýandygy, olaryň durmuşdan kanagatlanma tapmagyna sebäp bolýandygy ýüze çykaryldy.