Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy

11 Dekabr 2024
103

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň (СOP16) çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň bu mas­la­hat­da dün­ýä­de we se­bit­de suw­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da suw me­se­le­si bo­ýun­ça köp­ta­rap­ly dia­lo­gyň ne­ti­je­si kes­git­le­nen­de oňa gat­na­şy­jy­la­ryň iki sa­ny esa­sy düz­gü­ne, ýag­ny suw se­riş­de­le­ri­niň aýaw­ly ula­nyl­ma­gy­na hem-de ada­lat­ly paý­la­nyl­ma­gy­na gür­rüň­siz eýer­me­li­di­gi ba­ra­da bel­läp geç­di.

Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz suw me­se­le­sin­de üç mö­hüm ka­da­dan ugur al­ma­ly­dy­gy­na ynan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­la­ryň bi­rin­ji­si – hal­ka­ra hu­ku­gyň ber­jaý edil­me­gi. Suw se­riş­de­le­ri umu­my baý­lyk­dyr, onuň ula­nyl­ma­gy umu­my yk­rar edi­len ka­da­lar, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň kon­wen­si­ýa­sy esa­syn­da düz­gün­leş­di­ril­me­li­dir. Ikin­ji­si – öza­ra bäh­bit­le­riň ha­sa­ba alyn­ma­gy. Ka­bul edil­ýän çöz­güt­ler se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri­niň ze­rur­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tut­ma­ly­dyr. Di­ňe şeý­le çe­me­leş­me ada­lat­ly­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün edip bi­ler. Üçün­ji­si bol­sa bu işe hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çe­kil­me­gi­dir.