Alymlar topary emeli aň arkaly taryhy tapyndylaryň, şol sanda heýkelleriň jaýrylan we döwlen ýerlerini abatlamagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Köplenç zeper ýeten medeni ýadygärlikler köne suratlar arkaly dikeldilýär. Ýaponiýanyň hem-de Hytaýyň alymlar topary abatlamak maksady bilen 3D arkaly köp ugurly neýron ulgamyny döretdiler. Bu usul adaty tehnologiýalaryň dikeldip bilmejek aýratynlyklaryny, çuňluklaryny we jikme-jikliklerini täzeden döredip bilýär.
Alymlaryň pikiriçe, häzirki gazanylan abatlaýyş takyklygy 95 göterime deň boldy, ýöne 2D şekillerdäki çuňlugyň gaty gysylmagy sebäpli heýkeliň ýüzündäki we bezeglerdäki käbir jikme-jiklikler görünmeýärdi. Ýöne täze tehnologiýanyň ulanylmagy bilen dikeldiş takyklygynyň ep-esli gowulanandygy belli boldy.