Ýerasty muzeýe öwrülen metro

11 Dekabr 2024
118

Gre­si­ýa­nyň ikin­ji uly şä­he­ri Sa­lo­ni­ki­de gur­lu­şy­gy 20 ýyla golaý do­wam eden met­ro işe gi­ri­zil­di. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na Gre­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ka­te­ri­na Sa­kel­la­ro­pu­lu, Prem­ýer-mi­nistr Ki­ria­kos Mi­so­ta­kis, hö­kü­met ag­za­la­ry we sy­ýa­sat­çy­lar gat­naş­dy.

Sa­lo­ni­ki met­ro­sy 13 stan­si­ýa­ny we 9,6 ki­lo­met­re uza­ýan ýo­ly öz içi­ne al­ýar. Sa­lo­ni­ki özü­niň met­ro ul­ga­my bi­len Afi­ny­dan soň ýurt­da ikin­ji şä­her bol­dy. Metronyň her ugur boýunça sagatda 18 müňe çenli ýolagçy gatnatmak mümkinçiligi bolup, her günde, takmynan 254 müň ýolagça hyzmat edip biler. Şeýle hem bu metrony 2040-njy ýyla çenli 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän halkara howa menziline çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Hä­ki­mi­ýet­ler bu met­ro­ny Ýew­ro­pa­da iň döw­re­bap met­ro di­ýip ba­ha ber­ýär­ler, se­bä­bi bu ýer­de 18 sa­ny ot­ly sü­rü­ji­siz, di­ňe hyz­mat­çy­la­ryň ýar­da­my bi­len he­re­ket edýär.