"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kanunlar kämilleşdirilýär

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny özüniň gurluşy boýunça umumy düzgünleri, önümçiligiň ýörelgeleri we kepillikleri, möhletleri, önümçiligiň başynda kabul edilýän administratiw nama, administratiw namanyň hakykylygy, kabul edilen administratiw nama şikaýat etmek önümçiligi, administratiw namalary ýerine ýetirmek, administratiw önümçiligiň alnyp barylmagy bilen bagly çykdajylary, administratiw önümçiligiň bozulmagy üçin jogapkärçiligi we jemleýji düzgünleri göz öňünde tutýan 10 bapdan, 62 maddadan ybaratdyr. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, administratiw edara – ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslardyr.

Anyk wezipeler, aýdyň maksatlar

Golaýda TDP-niň welaýat komiteti tarapyndan geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işler barada TDP-niň Syýasy geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat, şäherdir etrap komitetleriniň başlyklary, jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Ýygnagyň dowamynda belent sepgitli ösüşleri bilen ýurdumyzyň taryhyna giren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda partiýa işgärleriniň we işjeňleriniň alyp baran işlerine seljerme berildi. Hasabat döwründe TDP-niň Syýasy geňeşi hem-de welaýat, şäher we etrap komitetleri tarapyndan ýörite tassyklanan iş meýilnamalaryna laýyklykda, göz öňünde tutulan çäreler barada jikme-jik durlup geçildi. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň parasatlylyk bilen ýöredýän döwlet syýasatynyň ugurlaryny, bu babatda ýetilen sepgitleri, döwrüň gazananlaryny, gündelik durmuşymyzy bezeýän taryhy wakalaryň ähmiýetini, gadyr-gymmatyny, many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek we düşündirmek babatda alnyp barlan işler mysallar arkaly delillendirildi.

Ýaşlar we milli terbiýe

Ata Watanymyzyň, bagtyýar raýatlarymyzyň geljeginiň has-da nurana bolmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň düýp özeninde adam hakyndaky alada esasy orny eýeleýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň milli ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi we döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi, dürli ugurlarda gazanýan şahsy üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary üçin giň ýollary açyp berýän milli Liderimiz ýaş nesilleriň milli buýsanç ruhunda terbiýelenmegi babatda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde uly wezipeleri goýýar. Ýaşlarda medeni mirasymyza hormat, gözel Diýarymyza söýgi, halkymyzyň şanly taryhyna buýsanç duýgularyny döretmek milli terbiýäniň esasy ugurlary hasaplanýar. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli däp-dessurlarymyz, ruhy-ahlak ýörelgelerimiz ýaş nesillerimizde oňyn durmuş endiklerini terbiýeleýär.

Üns beriň, bäsleşik!

Ýaşlarda ekologiýa medeniýetini ösdürmek, olaryň tebigata, daşky gurşawa aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, döredijiligiň üsti bilen tebigatymyzyň gözelliklerini wasp etmeklerini gazanmak, döredijilige höweslendirmek, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşi «Daşoguz habarlary» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde 16-30 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda «Ylham berýän tebigat» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň şertleri we geçirilýän wagty

Zenanlar guramasynda

RUHY HAZYNANYŇ MÄHRIBANLYK JOŞGUNY Hormatly Prezidentimiziň gymmaty egsilmejek ruhy hazynalarynyň ähmiýetini giňden ýaýmak ýaly asylly işlere mähriban zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Ony zenanlar guramasy tarapyndan öňdebaryjy, başarjaň gyz-gelinleriň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryny wasp edýän bäsleşikleriň yzygider guralmagy hem aýdyň görkezýär. Şeýle bäsleşikleriň biri golaýda ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan etmeginde milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň esasynda geçirildi. «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly şygar bilen guralan bäsleşik döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp kemala getiren asylly däp-dessurlaryny, döwletlilik ýörelgelerini özünde jemleýän gymmatly ruhy hazynasynyň aýratyn taraplaryny çeper döredijilikde giňden açyp görkezmek, wagyz etmek, many-mazmunyny, gymmatyny ýaýmak ýaly asylly maksada gönükdirildi.

Giň dünýäniň geň habarlary

Balykgulaklardan ýasalan heýkeller Ysraýylly hünärment Oded Dawidowyň balykgulaklardan ýasaýan heýkeljikleri köpleri örän geň galdyrýar. Adaty balykgulaklary ýelimlemek arkaly ýasalan kindiwanja heýkeller bir bitewi kompozisiýany emele getirip, belli bir wakany beýan edýärler. Atdan agyp barýan çapyksuwaryň, şüweleňde aýdym aýdýan, tans edýän adamlaryň we haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň täsin şekilleri Odediň eserlerinde ýygy-ýygydan duş gelýär. Ol öz ýasan heýkelleri esasynda animasiýa görnüşinde düşürýän wideorolikleri bilen hem meşhurlyk gazandy.

Biler bolsaňyz

Pyşbaga iň haýal ýöreýän jandar hökmünde hemmelere mälimdir. Çarlz Darwin ýörite synag edip, pyşbaganyň çaltlygyny hasaplanda, ol bir sagadyň dowamynda 300 metr ýol geçipdir. *  *  *

Täze maksatnama — täze wezipeler

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu maksatnama ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretmekde, ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagyny üpjün etmekde, olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge ýardam bermekde täzeçil çemeleşmeleri özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz. Bilim-ukybyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz» diýen sargytlaryndan, berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde ata Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini ösdürmekden, kämilleşdirmekden, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan, ozal «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolmadyk okuwçy gyzlar gatnaşyp bilerler.

Bägül — gülleriň şasy

Tebigatyň ynsana eçilen gözellikleriniň biri-de güllerdir. Öýleri güller bilen bezemek däbiniň köpasyrlyk taryhy bar. Gelin-gyzlarymyzyň elinden çykýan nepis türkmen halylarynyň nagyşlarynda hem gülleriň bolmagy ýöne ýere däldir. Sebäbi gül diýmek — tebigat diýmek. Meşhur fransuz zenany Gabriel Bonýor Şanel ömrüniň 87 ýylyny zenanlaryň döwrebap egin-eşiklerine we gaýtalanmajak meşhur atyrlaryny ýasamaga bagyş edipdir. Koko Şanel öz atyrlarynyň köp görnüşlerini bägül güllerinden peýdalanyp ýasapdyr. Ony iň bir gyzyklandyran gülleriň biri-de kamelýa bägüli bolupdyr. Ol bu gül bilen Aleksandr Dýumanyň «Kamelýaly zenan» eserini okanyndan soňra içgin gyzyklanyp başlaýar. Kamelýa bägüli fransuzlarda sypaýy adamlaryň esasy güli hasaplanypdyr. Bu gül iki görnüşde, ýagny gyzyl we ak reňkde bolupdyr. Koko diňe ak kamelýany halapdyr. Häzirki wagtda ak kamelýadan boglan gül çemenleri Şaneliň muzeý köşgüni bezeýär. Kamelýa bägüli Şanel üçin gussaly ýatlama güli bolup galýar. Sebäbi Şanel üçin kamelýa güli söýgülisi Artur Keýpel tarapyndan berlen ilkinji we iň soňky sowgatdyr. Ysynyň ýoklugy üçin Şanel atyrlarynda kamelýany peýdalanyp bilmändir. Şonuň üçin tikýän köýneklerini kamelýa gülüniň nusgasyndaky ilikler bilen bezäpdir. Kokonyň durmuşynda bu gülüň orny uly bolupdyr.

Bagt mekany — Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy uludan bellenilip geçiler. Ýurdumyzda şanly baýramçylyga gabatlanyp medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi ulanmaga berler. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem birnäçe döwrebap binalaryň hatarynda halkara derejeli myhmanhanalaryň, Söwda we dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň, ýerasty geçelgeleriň, awtomobil ýollarynyň toplumlaýyn gurulmagy gurluşyk pudagynda uly üstünlikleriň gazanylmagyny hem şertlendirdi. Elbetde, munuň özi halkymyz, myhmanlardyr syýahatçylar üçin köpugurly ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň üstünlikli ýola goýulýandygyny aňladýar. Paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýoly bilen H.A.Ýasawy köçesiniň çatrygynyň golaýynda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýan «Garagum» myhmanhanasy, Söwda we dynç alyş merkezi, suw çüwdürimli seýilgäh, ýerasty geçelgeler, nesip bolsa, baş şäherimize özboluşly gözellik berer, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolar. Aşgabat şäheri tebigy taýdan gözel künjekde ýerleşýär. Günortasy gojaman Köpetdagyň gerişlerinden başlanýan Garagum sährasyna çenli uzap gidýän ajaýyp ymaratlar gözel tebigatymyz bilen utgaşyp, täsin keşbi emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz go

Baglarynda bilbilleri saýraýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merjen paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde gün-günden gözelleşýär. Milli Liderimiz Diýarymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak bilen bir hatarda, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar. Bagy-bossanlyga bürenen gözel paýtagtymyz binagärlik sungatyna eýe bolýar. Ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabadyň görki günsaýyn owadanlaşýar. Ýaşaýyş jaý we jemgyýetçilik gurluşygynyň uly gerimi, ilatyň medeni derejesiniň ýokarlanmagy halkyň çeperçilik däpleriniň ornunyň artmagyna ýardam edýär. Gün-günden rowaçlanýan, täze sepgitleriň eýelenýän döwründe gazanylýan netijeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň binagärlik ulgamynyň milli ýörelgeler bilen döwrüň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagynda sazlaşykly ösdürilýändiginden hem-de bu ösüşleriň bolsa ýurdumyzyň halkynyň ertiriniň eşretli boljakdygyndan habar berýär. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrmagy halk hojalygy toplumynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň mysaly bolup durýar. Şeýle hem, ol Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagy we şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün ed

Halkymyzyň gadymy oýny «Ýaglyga towusmak»

Çagalar üçin niýetlenen milli oýunlaryň biri-de ýaglyga towusmakdyr. Bu oýun sport meýdançasynda hem oýnalýar. Ýaglyga towusmak oýnuny oýnamak üçin adyndan belli bolşy ýaly, dürli reňkli ýaglyklar ulanylýar. Oýunçylar iki topara bölünýär. Meýdançanyň ortasynda dürli beýiklikde birnäçe reňkli ýaglyklar asylýar. Oýunçylaryň esasy maksady has ýokarda ýerleşýän ýaglygy towsup almak bolup durýar. Oýunçy has ýokarda ýerleşýän ýaglygy alanda 3 utuk, ortada ýerleşýän ýaglygy alanda 2 utuk, aşakda ýerleşýän ýaglygy alanda bolsa 1 utuk gazanýar. Toparlar gezekli gezegine towusmak bilen ýaglygy almaga çalyşýarlar. Oýunda has köp utuk gazanan topar ýeňiji bolýar. Oýnuň esasy düzgüninde her oýunçynyň ýaglygy almaga bir gezek synanyşmaga hukugy bar. Eger-de oýunçy ýaglyga el degrip bilmese ýa-da ony alyp bilmese gezegi beýleki topara berýär. «Ýaglyga towusmak» gadymy milli oýunlarymyzyň biridir. Oýunda çagalaryň beýiklige bökmek, ylgamak endikleri ösdürilýär, dostluk, jebislik duýgulary kämilleşdirilýär.

Maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda raýatlaryň abadan, bolelin, bagtly ýaşaýşynyň ähli zatdan ileri tutulmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagy eziz Diýarymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň dabaralanmasydyr. Döwletiň iň gymmatly baýlygy adam we onuň saglygydyr. Şol sebäpli halkyň saglygyny goramak, uzak ýaşamagyny gazanmak ugrunda döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler açylýar.

Arkadagly watanda

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Bagtyýar biz Arkadagly Watanda” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ady agzalan orta hünär okuw mekdebinde geçirilen çäräni TKA-nyň welaýat birleşmesiniň baş hünärmeni Eziz Meredow açdy hem alyp bardy. Çärede TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmuhammet Muhammetorazow, ylym we bilim işgärleriniň KAIG-nyň başlyklarynyň Türkmengala etrap geňeşiniň başlygy Atamyrat Ýagşyýew, Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy Gülälek Kadyrowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allakuliýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda dost--doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle-de, häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli, agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak we arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek dogrusynda durlup geçildi.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Durnukly ösüşiň ähmiýeti Garaşsyz, Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durnukly we asuda durmuşyň pugtalandyrylmagynda, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen dost-doganlykly, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly işler bitirilýär. Şeýle bähbitli ýol-ýörelgäniň milli Liderimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze ýylda-da rowaçlyklara beslenjekdigine berk ynam täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ajap eýýamymyzyň ýyllary Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygyň mekanyna, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär.

Taryhy-medeni gymmatlyklara sarpa

Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, taryhy ýadygärliklerini aýawly saklamaga we öwrenmäge, ýurdumyzyň muzeý işini ösdürmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň häzirki zaman muzeýleri diňe bir milli mirasymyzyň saklanylýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olar halkara medeni alyş-çalyşlary ýola goýmak üçin hem oňaýly merkez bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara syýahatçylygy ösdürmekde-de muzeýlere aýratyn orun degişlidir.

Täsirli geçen duşuşyk

Sarahs etrabyndaky ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň prokuraturasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyk «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän çäreleriň üstüni ýetirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Arslan Rejepgulyýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Baýramgeldi Ballyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Batyr Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Wepa Ýazgylyjow dagy çykyş edip, üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçmegi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmek bilen baglanyşykly ýörelgeleriniň özboluşly beýanydygy barada buýsançly gürrüň etdiler.

Ýylyň zenany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki taryhy günlerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň şäherdir etrap tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly dowam edýär. Ýakynda Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde bu bäsleşigiň etrap tapgyry geçirilip, oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler we çykyş etdiler. Şol çykyşlar zenanlarymyzyň guramaçylyk ukybyna eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandygyny, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärini kämilleşdirmekde, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak boýunça asylly işlerde işjeňlik görkezýändigini, nesil terbiýelemekde, obany ösdürmekde uly hyzmatlary bitirýändigini, telekeçiligiň ösmegine goşant goşýandygyny aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň netijesinde «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlendi hem-de olar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sylaglandy.

Bäsleşigiň etrap tapgyrlary

Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdepde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çägindäki taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Etrap bilim bölümi tarapyndan guralan bäsleşige etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden zehinli ýaşlar gatnaşdy. Mekdebara tapgyrlarda öňe saýlanan okuwçylara bu bäsleşikde zehin we döredijilik başarnyklaryny doly açyp görkezmek üçin ähli şertler döredildi. Mekdebiň döwrebap derejede enjamlaşdyrylan ders otaglary bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hem oňyn täsirini ýetirdi.