Arkadagly watanda

1 Fewral 2021
1542

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Bagtyýar biz Arkadagly Watanda” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Ady agzalan orta hünär okuw mekdebinde geçirilen çäräni TKA-nyň welaýat birleşmesiniň baş hünärmeni Eziz Meredow açdy hem alyp bardy. Çärede TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmuhammet Muhammetorazow, ylym we bilim işgärleriniň KAIG-nyň başlyklarynyň Türkmengala etrap geňeşiniň başlygy Atamyrat Ýagşyýew, Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy Gülälek Kadyrowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allakuliýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda dost--doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle-de, häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli, agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak we arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek dogrusynda durlup geçildi.