Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda aýratyn ähmiýetli wakalaryň biri boldy.
Bu maksatnama ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretmekde, ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagyny üpjün etmekde, olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge ýardam bermekde täzeçil çemeleşmeleri özünde jemleýär.