Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy uludan bellenilip geçiler. Ýurdumyzda şanly baýramçylyga gabatlanyp medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi ulanmaga berler. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem birnäçe döwrebap binalaryň hatarynda halkara derejeli myhmanhanalaryň, Söwda we dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň, ýerasty geçelgeleriň, awtomobil ýollarynyň toplumlaýyn gurulmagy gurluşyk pudagynda uly üstünlikleriň gazanylmagyny hem şertlendirdi. Elbetde, munuň özi halkymyz, myhmanlardyr syýahatçylar üçin köpugurly ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň üstünlikli ýola goýulýandygyny aňladýar.
Paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýoly bilen H.A.Ýasawy köçesiniň çatrygynyň golaýynda gurluşyk işleri batly depginlerde alnyp barylýan «Garagum» myhmanhanasy, Söwda we dynç alyş merkezi, suw çüwdürimli seýilgäh, ýerasty geçelgeler, nesip bolsa, baş şäherimize özboluşly gözellik berer, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolar. Aşgabat şäheri tebigy taýdan gözel künjekde ýerleşýär. Günortasy gojaman Köpetdagyň gerişlerinden başlanýan Garagum sährasyna çenli uzap gidýän ajaýyp ymaratlar gözel tebigatymyz bilen utgaşyp, täsin keşbi emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz golaýda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyranda «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygy bilen tanşyp, şekil, içki bezeg işleri, myhman otaglarynyň guralyşy bilen gyzyklandy. Bu ýerde hyzmatlaryň ýokary derejede guralmagy, timarlaýyş we bezeg işlerinde türkmeniň millilik däp-dessurlaryny suratlandyrmagyň möhümdigi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.