Ýaşlarda ekologiýa medeniýetini ösdürmek, olaryň tebigata, daşky gurşawa aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, döredijiligiň üsti bilen tebigatymyzyň gözelliklerini wasp etmeklerini gazanmak, döredijilige höweslendirmek, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşi «Daşoguz habarlary» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde 16-30 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda «Ylham berýän tebigat» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň şertleri we geçirilýän wagty