«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki taryhy günlerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň şäherdir etrap tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly dowam edýär. Ýakynda Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde bu bäsleşigiň etrap tapgyry geçirilip, oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler we çykyş etdiler. Şol çykyşlar zenanlarymyzyň guramaçylyk ukybyna eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandygyny, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärini kämilleşdirmekde, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak boýunça asylly işlerde işjeňlik görkezýändigini, nesil terbiýelemekde, obany ösdürmekde uly hyzmatlary bitirýändigini, telekeçiligiň ösmegine goşant goşýandygyny aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Bäsleşigiň netijesinde «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlendi hem-de olar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sylaglandy.