Anyk wezipeler, aýdyň maksatlar

1 Fewral 2021
1477

Golaýda TDP-niň welaýat komiteti tarapyndan geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işler barada TDP-niň Syýasy geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa TDP-niň welaýat, şäherdir etrap komitetleriniň başlyklary, jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Ýygnagyň dowamynda belent sepgitli ösüşleri bilen ýurdumyzyň taryhyna giren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda partiýa işgärleriniň we işjeňleriniň alyp baran işlerine seljerme berildi. Hasabat döwründe TDP-niň Syýasy geňeşi hem-de welaýat, şäher we etrap komitetleri tarapyndan ýörite tassyklanan iş meýilnamalaryna laýyklykda, göz öňünde tutulan çäreler barada jikme-jik durlup geçildi. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň parasatlylyk bilen ýöredýän döwlet syýasatynyň ugurlaryny, bu babatda ýetilen sepgitleri, döwrüň gazananlaryny, gündelik durmuşymyzy bezeýän taryhy wakalaryň ähmiýetini, gadyr-gymmatyny, many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek we düşündirmek babatda alnyp barlan işler mysallar arkaly delillendirildi.

Ýörite habarçymyz.