Fransiýanyň täze Hökümet Başlygy
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron golaýda Fransua Baýruny ýurduň täze hökümetiniň Başlygy wezipesine belledi. Bu barada Ýeliseý köşgüniň beýanatynda bellenilýär. 73 ýaşly Baýru Prezidentiň «Bilelikde» syýasy koalisiýasyna girýän liberal «Demokratik hereket» (MoDem) partiýasynyň başlygydyr. Baýru fransuz syýasatynyň weterany. Ol 1993-1997-nji ýyllarda Fransiýanyň bilim ministri boldy. 2017-nji ýylda Adalat ministrligine az wagtlyk ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem ol 2002-nji, 2007-nji we 2012-nji ýyllarda geçirilen Prezident saýlawlarynda dalaşgär hökmünde hödürlendi.