Halkymyzyň ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleri täze taryhy döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda giň gerime eýe bolýar. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar» diýip bellemegi-de, ýurdumyzda mundan beýläk hem halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleriniň dabaralandyryljakdygynyň aýdyň güwäsidir. Gaznanyň hasabyna toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergileri geçirilen çagalaryň ençemesi häzirki wagtda sagdyn, bagtyýar durmuşyň hözirini görýärler.