Öň maliýe ministri we ýurduň wise-prezidenti bolup işlän şweýsariýaly syýasatçy Karin Keller-Zutter 2025-nji ýylda döwlet Baştutany wezipesine saýlandy. Bu barada Şweýsariýanyň Federal ýygnagy (parlament) özüniň jemgyýetçilik ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi.
203-den 168 ses alan Keller-Zutter 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipesine girişer. Wise-prezident wezipesine saýlanan Gi Parmelen ozal Şweýsariýanyň ykdysadyýet ministri bolup işledi. Şweýsariýa – federal parlament Respublikasydyr. Prezident parlament tarapyndan Federal Geňeşiň (Hökümet) agzalarynyň arasyndan bir ýyl möhlet bilen gaýtadan saýlanmak hukugy bolmazdan saýlanýar. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabryna çenli bu wezipäni Wiola Amherd eýeleýär.