Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknežad 2025-nji ýylda OPEK-iň başlygy wezipesine saýlandy. Bu barada Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA habar berdi.
OPEK web sahypasyndaky metbugat üçin beýanatynda geljek ýyl üçin başlyk saýlanandygyny tassyklady we Gabonyň nebit ministri Marsel Abeke 2024-nji ýylda guramanyň başlygy hökmünde ýolbaşçylyk edendigi üçin hoşallyk bildirdi. «Mohsen Paknežad guramanyň yzygiderliligini, agzybirligini we ösüşini goramak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanjakdygyny aýtdy» diýlip beýanatda bellenilýär.