Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, oňa dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.
Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara forumlaryň mejlislerinde degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýşyny ençeme gezek beýan etdi. Milli Liderimiziň netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy we olar 2008-nji hem-de 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidildi.