16-njy dekabrda Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols Bundestagda geçirilen ses berişlikde ynam sesini alyp bilmedi. Şoňa görä, 23-nji fewralda ýurtda nobatdan daşary saýlawlar geçiriler. Parlamentde geçirilen ses berişlikde 207 deputat Şolsy goldady, 394 deputat garşy çykdy, 116 deputat bolsa, ses bermekden saklandy. Şolsuň ynam sesini almagy üçin 367 ses gerekdi. Ses berişligiň netijeleri yglan edilenden soň, Kansler Şols Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen duşuşdy we nobatdan daşary saýlawlary geçirmek üçin parlamentiň ýatyrylmagyny teklip etdi.
6-njy noýabrda Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols hökümet boýunça hyzmatdaşlarynyň – Sosial-demokratik partiýanyň (SPD), «ýaşyllar» we Erkin demokratik partiýanyň (FDP) wekilleri bilen bolan duşuşygynda, FDP-niň başlygy bolan maliýe ministri Kristian Lindneri wezipesinden çetleşdirdi. Bu maslahatdan soň, FDP partiýasy öz ministrlerini hökümetden yzyna çagyrdy we «ýolyşyk koalisiýasy» diýlip atlandyrylýan hökümet ýatyryldy.