ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Tramp, möhüm wezipelere sekiz milliarderi işe alyp, taryhdaky iň baý Prezident administrasiýalarynyň birini döredýär. Bu barada ABŞ-nyň «Newsweek» žurnaly habar berýär.
Şeýlelik bilen, baýlygy 336 milliard dollar diýlip çak edilýän Ilon Mask we paýnamalary, takmynan 1,1 milliard dollar bolan Wiwek Ramaswamy hökümetiň netijeliligini ýokarlandyrmak we býurokratiýa garşy göreş boýunça dörediljek täze ministrlige ýolbaşçy wezipelere teklip edildi. Trampyň döwründe hasabyndaky 3,4 milliard dollary bilen «Stefens Inc» maýa goýum kompaniýasynyň başlygy Worren Stiwens ABŞ-nyň Beýik Britaniýadaky ilçisi wezipesine bellener. Tramp 2,9 milliard dollarlyk deweloper kompaniýasynyň eýesi Çarlz Kuşneri Amerikanyň Fransiýadaky ilçisi wezipesine teklip etdi.