Arkadag şäheri: geljegiň arzuwlary hakykata öwrülýär
Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik, şähergurluşyk babatda jöwher zehininden döräp, täze taryhy döwrümiziň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine bagyşlanan gazet sahypasyny taýýarlamaga başlanymda, näme üçindir, şahyr Gurbannazar Ezizowyň şygryndaky: «Ynsana bagt üçin nämeler gerek?» diýen setirleri aňymda aýlandy durdy. Elbetde, bagt adamyň içki dünýäsi, ruhy ahwaly bilen bagly düşünje. Ony her adam dürli-dürli zatlarda görýär. Ýöne sosiologlaryň ylmy barlaglary hem içki, hem daşyňy gurşap alýan dünýä bilen sazlaşykly ýaşamagyň köp babatda özüňi bagtly duýmaga iterýändigini tassyklaýar. Başgaça aýdanymyzda, abadan durmuşyň, halaýan käriň, rahat öý-ojagyň, agzybir maşgalaň bolup, ýaşaýan döwrüňe, döwletiňe tüýs ýürekden buýsanyp ýörmegiň özi uly bagt. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde kemala gelen ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde ildeşlerimiziň müňlerçesine, ine, şeýle bagtdan paýly bolmak miýesser etdi. Bu gün täze şäherde bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýuna barýan günlerimizde bu ýerde bitirilýän işler, arkadaglylaryň durmuşynda bolup geçýän özgerişler barada söhbet etmek juda ýakymly. Adam paýhasynyň we «akylly» innowasiýalaryň sazlaşygy