Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen galkynan berkarar döwletimiziň dürli ugurlarda gazanýan ösüşleri, ýeten belent sepgitleri hakynda söhbet edeniňde, bada-bat «bedew batly ösüşler» diýen jümle zybanyňa gelýär. Şeýle hem Garaşsyzlyk bilen geçilen menzile — 33 ýyla nazar aýlanyňda asyrlara barabar işleriň amala aşyrylandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň ýurduň sebitlerini gyradeň ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, il-ýurt abadançylygyny berkarar etmek babatdaky asylly maksatlaryna Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde, sebitiň bagtyýar ilatynyň abadan ýaşaýşynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Abadan durmuşyň binýady