Merdanalygyň mertebeli mekdebi

23 Sentýabr 2024
473

Garaşsyz döwletimiziň sarsmaz galasyna deňelýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň binýadyny kuwwatlandyrmak, Watan goragçylaryny parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleri esasynda terbiýelemek ýurdumyzyň asudalygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň möhüm şertidir. Berkarar döwletimizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza esaslanyp, Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde: «Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr» diýip bellemek bilen, Watan goragynyň ähmiýetini beýan edýär. Bu hakykat ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk derejesini pugtalandyrmak, milli bähbitlerimizi gorap saklamak, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek ýaly belent we jogapkärli borja wepaly bolan harby gullukçylaryň hem kalbynda orun alýar. Döwletimiz mukaddes borja we harby kasama wepaly mert gerçekleriň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda uly tagallalary edýär. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleri häzirki döwrüň iň kämil tehnikalary, sanly tehnologiýalary bilen üpjün edilýär.

Mirgeldi GÜÝJOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça prorektory, podpolkownik.