Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär
Milli we döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halka sala salyp, köpçülik bilen geňeşip çözmek, ara alyp maslahatlaşmak, ýaşululara sarpa goýmak halkymyzyň owaldan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgelerindendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de şeýle asylly ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem munuň aýdyň güwäsi bolar.