Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

23 Sentýabr 2024
380

20-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 3 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Açylyş dabarasyna Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.

Hudaýberdi OJAROW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.