Garaşsyzlyk — ösüşleriň binýady

23 Sentýabr 2024
445

Ýurdumyz özüniň energiýa serişdelerine bolan isleglerini doly üpjün edýär, şeýle-de onuň köp mukdaryny daşarky bazarlara çykarýar. Ykdysadyýetiň pudaklaryny okgunly ösdürmäge ähmiýet bermek bilen, Türkmenistan dünýäniň çalt ösýän, öňdebaryjy ýurtlarynyň sanawynda mynasyp ýer alýar. Bu bolsa ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli, ekologiýa taýdan howpsuz özleşdirmäge, bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmaga ýardam berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň iň häsiýetli alamaty ähli jemgyýeti öz içine alýan ägirt uly döredijilik ruhundan ybaratdyr. Hemme ýerde joşgunly zähmet rowaçlanýar, ähli ugurlarda ykdysady ösüşler, haýran galdyryjy özgerişlikler bolup geçýär, täze-täze gözýetimler açylýar. Beýik ösüşler bilen dünýäni haýrana goýýan Türkmenistanda ata-baba dowam edip gelen adalatlylyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, gurmak, döretmek ýörelgelerine eýerilip, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dabaralanýar. Türkmen jemgyýetini uly ösüşlere alyp barjak köpugurly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki bagtyýar döwrümiziň her bir güni ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, guwanja, buýsanja beslenýän täze senenamalar hökmünde ýazylýar.

Hurmagül Rejepowa,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp öwredýän 39-njy orta mekdebiň taryh mugallymy.