«Hoş til rahmet getirer»

23 Sentýabr 2024
403

Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän ýylyň her bir güni döredijilik duşuşyklary, bäsleşikleri bilen baýlaşýar. Ine, şeýle döredijilik bäsleşikleriniň biri-de şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan edilipdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli «Hoş til rahmet getirer» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşigine gelip gowşan makaladyr söhbetdeşliklerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerinde ýaş nesliň eýeleýän orny, söwda we telekeçilik ulgamynda ýaşlaryň tutanýerli zähmet çekmegi üçin döredilýän mümkinçilikler, halypa-şägirtlik ýoluny mundan beýläk-de ösdürmek babatda alnyp barylýan işler öz beýanyny tapypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen barha öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bedew batly ösüşlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzy, ynsanperwer ýörelgelerimizi, maşgala gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Maksatmyrat JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.