"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arzyly senediň ussady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, milli mirasymyz, ýol-ýörelgelerimiz, halypa-şägirtlik ýolumyz döwrebap öwüşginde dowam etdirilýär. Ajaýyp zamanamyzda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan senetçiligiň irki medeni-durmuş gymmatlyklaryna degişli bolan ugurlarynyň biri hem agaç ussaçylygydyr. Biz ýakynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň gurluşyk bölüminiň baş hünärmeni, dutar ussasy Orazmuhammet Orazmuhammedow bilen söhbetdeş bolup, oňa birnäçe sowal bilen ýüz tutduk.

Ruhy gymmatlyklaryň hazynasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzdan miras galan gadymy golýazmalary we kitaplary dikeltmek, aýawly saklamak, olary okyjylar köpçüligine ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimizi has-da ösdürmek, häzirki zaman şertlerde kitaphana işini hem-de ilata edilýän kitaphana hyzmatlaryny kämilleşdirmek, bilimli, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlary terbiýelemekde, milli mirasy we ylmyň gazananlaryny çuňňur öwrenmekde kitaphanalaryň aýratyn hyzmaty bardyr. Jemgyýetimiziň häzirki demokratik, döwrebap ýollar bilen ösýän taryhy döwründe milli köklerini dünýäniň öňdebaryjy gazananlary bilen utgaşdyrmakda kitaplar we beýleki maglumat çeşmeleri mynasyp orun eýeleýär. Şahsyýetiň umumy medeniýetini, onuň jemgyýetdäki durmuşa uýgunlaşmagynda, döwrebap şahsyýet bolmagynda, döredijilik, işjeňlik ukyplarynyň kemala gelmeginde, oňat bilim-terbiýe almagynda kitaplaryň gymmatly ähmiýeti bar. Jemgyýetde kitaby söýmek, kitaba sarpa goýmak endikleriniň terbiýelenmegi ösen dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine täsir edýär. Ruhy kämillige mukaddes garaýşy miras goýan ata-babalarymyzyň kitaba bolan hormaty edim-gylymlarymyza, terbiýämize, milli mirasymyza, döwletli ýörelgämize öwrülip galypdyr. Gahryman Arkadagymyz milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny wagyz etmek, jemgyýetimizde okamaga bolan käm

Gadymy ýadygärlikleriň söhbedi

Türkiýäniň Kars şäherinde ýerleşýän Kawkaz uniwersitetiniň professory Gajaly Nejepogly dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde gadymy ýadygärlikleriň binagärlik sungatyny ylmy taýdan öwrenýän alym hökmünde giňden tanalýar. Onuň Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň gadymy binagärlik sungatyna bagyşlap ýazan ylmy makalalary daşary ýurt neşirlerinde çap edildi. Ol ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, forumlara hem yzygiderli gatnaşýar. Biz gazetimiziň şu sanynda belli azerbaýjan alymy Gajaly Nejepoglunyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli iberen makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Milli itşynaslyk sungaty

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, özüniň duýgurlygy, saklygy, hüşgärligi bilen tanalan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda dünýäde meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň berilýär hem-de alabaýyň medeni gymmatlygy we özboluşlylygy açylyp görkezilýär. Munuň özi adamzadyň gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas käniniň önümi bolan milli baýlyklarymyza has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär. Ata-babalarymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket etmegiň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini döredipdirler we bize miras goýupdyrlar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, halkymyzyň aňynda orun alan bu ýörelgeler bagtyýarlyga beslenen döwrümizde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Milli itşynaslyk sungatyndaky tagallalar türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işiniň has-da ösdürilmeginde hem-de kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Bu assosiasiýanyň döredilmeginiň esasy maksady türkmen alabaýlarynyň tohumyny, onuň beýleki itlerden tapawutly aýratynlyklaryny aýawly saklamak we ösdürmek bolup durýar.

Behişdi bedewler biziň watanda

Ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşmagy aýratyn guwandyryjydyr. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak, atlaryň çapyşyklara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ynsan gylykly bedewleriň Watan goragçylarynyň we ýurdumyzda tertip-düzgüniň berkarar edilmegini gözegçilikde saklaýan şahsy düzümleriň ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini üpjün edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli bedewleriň paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwlet derejesinde geçirilýän at çapyşyklaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýändigi has-da guwandyryjydyr. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagyna kazyýet edaralary hem işjeň gatnaşýarlar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna barmagynyň çäklerinde, täze doglan taýçanaga Esger diýip at goýmagy we onuň boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp ören alajasyny dakmagy ýatda galyjy ýakymly pursatlara öwrüldi.

Şugla saçýan şaýolum

Gözel Aşgabadyň uzalyp gidýän giň şaýollary, köçeleri bar. Şolaryň biri hem Magtymguly şaýoludyr. Islendik bir ýurt hakynda gürrüň edilende, ilki bilen onuň paýtagty göz öňüňe gelýär. Paýtagt — ýurduň merkezi, esasy ýüzi bolup durýar. Paýtagtyň gözelligi oňa gelýän syýahatçylarda şol paýtagtyň özi bilen birlikde, ýurdy hakynda hem ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Şunuň esasynda hem her bir ýurt paýtagtyny ösdürmekde, özgertmekde, jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň köp gelýän merkezine öwürmekde ähli tagallalary edýär.

Alabaýymyz sarpalanýar

Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen alabaýynyň seçgi tohumçylygyny has-da gowulandyrmak hem-de baş sanyny artdyrmak bu ugurda geçirilýän giň gerimli işleriň möhüm ugruna öwrüldi. Ýakynda ýurdumyzda «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» we «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlary döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem-de olaryň Düzgünnamalarynyň we döşe dakylýan nyşanlarynyň Ýazgylarynyň tassyklanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, 5-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň binalar toplumynyň gurluşygy bilen tanyşmagy, täze toplumyň Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli açyljakdygynyň göz öňünde tutulmagy ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny joşdurdy. Munuň özi ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan gadymy itşynaslyk däplerine hormat goýulýandygynyň beýanydyr.

Nepisligiň gözel nusgasy

Milli senet we milli miras halkyň maddy hem ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzda milli senetçiligiň bir ugry bolan zergärçilik sungaty geçmişde-de, häzirki wagtda-da uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Zergärçilik bilen bagly pikir-düşünjeler bolsa halk döredijiliginiň nusgalaryna siňipdir. Edebi çeşmelerde sungat derejesine çenli kämillige ýeten zergärçilik barada çuň pikirler beýan edilipdir. Häzirki wagta halypa-şägirtlik ýoly arkaly bu sungat nesilden-nesle geçirilýär. Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagy bolsa milli zergärçilik sungatynyň geljekki nesillere-de kämil nusgada geçmegi hakda edilýän aladalaryň düýplüdigini görkezýär. Zergärlerimiziň ýasan şaý-sepleri diňe bir toý-baýramlarda, dabaraly pursatlarda däl, eýsem gündelik durmuşda-da giňden ulanylýar. Aýratyn-da, gülýakalardyr gulaksyrgalar, bilezikdir ýüzükler gyz-gelinleriň arasynda ýörgünlidir. Türkmen zergärleriniň döreden şaý-sepleri özüniň milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olaryň dürli görnüşleri bolup, ajaýyp nagyşlar salnyp, bezegler bilen bezelýär. Gyzlara, gelinlere, uly ýaşly zenanlara niýetlenen şaý-sepler bilen birlikde, çagalaryň dakynýan zergärçilik önümleri-de bardyr. At bezeg şaýlary-da bu sungatda özboluşly orny eýeleýär.

Dünýä dolýan milli miras

Ahalteke bedewleri we türkmen alabaý itleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşylarydyr. Asyrlaryň dowamynda türkmen atşynaslarynyň we itşynaslarynyň döreden ýörelgeleri, seýisçilik hem-de seçgiçilik boýunça milli mekdebi dünýäniň dürli ýurtlarynyň bu ugurda meşgullanýan hünärmenlerini özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp ahalteke atlarymyza bagyşlap ýazan gymmatly eserleri, «Türkmen alabaýy» atly kitaby milli mirasymyzy öwrenmekde halk seçgiçiligimiziň inçe usullaryny yzarlamakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hünärmenleriniň tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy esasda häzirki zaman usullary we bu ugurda toplanan tejribe arkaly giňeltmegine yzygiderli ýardam berýär. Goý, milli gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, milli mirasymyzyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Possunçy

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň şäher merkezini etekläp oturan oba «Dört ýap» diýilse-de, adamlaryň arasynda «Possunçy oba» diýen ady has ýörgünli. Ýaşulularyň aýtmagyna görä, öňler oba adamlarynyň gylla ýary possun tikmek bilen güzeran görer ekenler. Olaryň tiken possunlary Hywanyň bazarlarynda geçginli bolupdyr. Bu obanyň possunçylary häzir hem barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri-de Ýazmyrat Bazarowdyr. Deriniň eýlenişiniň öz usuly bar. Ýazmyrat süzme bilen arpa ununy garyp taýýarlan emeli eýini derileriň ýüzüne bir hatar çalyp çykýar. Birki günden soň deriniň sar tarapyny içine edip epleýär. Her gezek eýini bermek üçin açanda, çal guýup ýumşadýar.

Nepisligiň nusgasy

Ýiti öwüşginleriň we nepisligiň sazlaşygy bilen dünýäni haýrana goýýan halyda halkymyzyň ruhy dünýäsi açylýar. Halkyň taryhy nagyşlaryň üsti bilen beýan edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halysy döwletiň milli medeni baýlygy hökmünde yglan edildi hem-de haly we haly önümlerini goramagyň, halyçylyk pudagyny ösdürmegiň kanunçylyk binýady döwrebap kämilleşdirildi. Esasy Kanunymyzda medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň ösmegine döwlet tarapyndan ýardam edilýändigi baradaky kadalar berkidildi. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan halyçylyk sungatymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki döwürde halkymyzyň milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegi, el haly işlerindäki gadymy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Kanunynda amaly-haşam sungatynyň we halk senetkärleriniň önümleri, şol sanda gadymy halylar, haly önümleri medeni gymmatlyklaryň sanawyna girizildi.

Türkmeniň ebedi gymmatlygy

Pikir-garaýyşlaryň köpdürlüligi dünýädäki ynsanlaryň umumy sanyna barabar hasap edilýän bolsa, onda islendik sowalyň şonça jogabynyň boljagy ikuçsuz. Ýöne gözelligiň, duýgurlygyň, wepadarlygyň, çydamlylygyň nusgasy hakda soralanda welin, olaryň ählisinden diňe bedew hakyndaky jogaby eşideris. Bu umumylygyň ünsüni özüne gönükdiren ýeke-täk jogabyň sebäbini bolsa ilki başda şan-şöhraty bilen ýaradylan bedewleriň aýan bolan hem-de entegem syr bolmagynda galýan aýratynlyklary bilen düşündirse bolar. Eger, olaryň hormat-sarpasynyň belentden tutulýan ýerini dünýä kartasynda bellemeli bolsa, şol mukaddes mekanyň Türkmenistandygyny arkaýyn aýdyp bileris. Taryhy çeşmelerden mälim bolşy ýaly, ilkinji gezek ýabany atlary eldekileşdirip, olary özleriniň wepaly dosty hasaplan oguzlardyr. Olar özleriniň köp wagtlaryny atyň üstünde geçiripdirler. Bu barada arap filosofy Al-Jahiz: «Oguzlar ýerde däl-de, atyň üstünde köp oturypdyrlar» diýip ýazypdyr. Hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewlerine bagyşlap ýazan kitaplaryndaky maglumatlara salgylansak, atlar Türkmenistanyň çäginde azyndan bäş müň ýyl mundan ozal eldekileşdirilipdir. Olaryň kemala gelmeginde Köpetdagyň etegindäki düzlügiň howa şertleri möhüm orun eýeläpdir. Ýerli oturymly halk atlarda gymmatly häsiýetleri we alamatlary ösdürmegiň, kämilleşdirmegiň sungat derejesindäki mekdebini döredipdir. Hut şonuň üçin hem Ýer ýüzündäki tohum atl

Mertligiň belent nusgasy

Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek 2021-nji — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda toýlardan-toýlara barýan türkmen halkymyz taryhymyzy sarpalap, mirasymyza hormat goýup ýaşaýar. Ynha, ýakynda paýtagtymyzda Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijilik dünýäsine bagyşlanyp geçirilen halkara maslahat hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Muhammet Baýram han bilen baglanyşykly ençeme taryhy maglumatlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe içgin öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu maglumatlaryň jümmüşinde — çuň mazmunynda türkmeniň pederlerden miras galan mertlik, adalatlylyk, ähli babatda deňhukuklylygy saklamak, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmak ýaly ýörelgeler, döwlet gurmak we ony gorap saklamak, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak, döwletiňe, döwlet baştutanyňa wepaly hyzmat etmek ýaly çuňňur pähim-parasatdan binýady bolan başarnyklar örboýuna galýar.

«Ýelpeselendi» — asyrlaryň owazy

Gahryman Arkadagymyzyň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlap wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasyny öwrenmek, geljekki nesillerimize ýetirmek we dünýä ýaýmak boýunça degişli tabşyryklary berdi. Munuň özi bu ugurda toplumlaýyn işleri alyp barmaga, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy, döredijilik gözleglerini ganatlandyrdy. «Ýel­pe­se­len­di» di­ňe bir mil­li saz­la­ry­my­zyň däl, eý­sem, dün­ýä saz sun­ga­ty­nyň iň ga­dy­my nus­ga­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Aýdym-sazyň aşygydy

Weýis Jumakow şahyr Juma Nurtaýewiň sözlerine «Şabadym», «Ene hakynda aýdym», «Agşam», «Sen diýip», «Ogul gerek» ýaly aýdymlary döretdi. Ezber estrada aýdymçysy, kompozitor Weýis Jumakow häzirki Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky daýhan birleşiginde dünýä inýär. Soňra ykbal ony Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşigine alyp gelýär.

Pursatlar

Hojamyrat Öräýew,Türkmenistanyň halk bagşysy. 13-14 ýaşlarymda Türkmenistanyň halk bagşysy Hojamyrat Öräýewiň ýanynda şägirt bolup, dutar çalmagyň, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwrenýärdim. Halypam toý-baýramlarda özi aýdym aýtmazyndan öňürti, halk köpçüligine öwrenişmegim üçin maňa-da aýdym aýtdyrardy. Bir gezek halypamy Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligine toýda aýdymdyr dessan aýtdyrmak üçin çagyrdylar. Ol meni-de toýa alyp gitdi. Oba adamlary bizi uly hormat bilen garşyladylar. Entek toýa çykylmazyndan ýarym sagat çemesi öňräk halypam dondur telpegini geýip: «Hany, şägirtler, sizem tijeniň!» diýdi. Men oňa: «Halypa, entek irräk dälmi, toýhana adamlaram ýygnanan däldir» diýdim. Halypam: «Men ýaş wagtym kakam — bagşy Öre Şyhyň ýanynda gyjakda sazandarlyk ederdim. Ol elmydama: «Oglum, halk bize garaşandan, biz halka garaşaly!» diýerdi. Şondan bäri kakamyň wesýetini berjaý edip, zyýana galan ýerim ýok, bäş-alty ýoly artykmajrak aýdarys, adamlary garaşdyrmalyň!» diýdi.

Düýe maly — dünýe maly

Halkymyzda düýe maly bagtyň, rysgal-döwletiň nyşany hökmünde orun alandyr. Şonuň üçinem «Düýe maly — dünýe maly», «Düýeli baý — dünýeli baý» diýip, bu mala uly hormat goýupdyrlar. Düýäniň hiç bir yrýa zady ýok. Onuň eti, süýdi, ýüňi dermanlyk häsiýete eýedir. Düýe ýüňüniň 80%-i mymyk bolany üçin, ondan örülen önümler ýumşak, jana ýakymly bolýar. Düýe ýüňüniň düzümindäki maddalar oňa berklik, ýumşaklyk, inçelik hem-de uzak wagtlap ýylylygy saklamaga ýardam berýär. Düýe ýüňünden guşak, çäkmen, ýorgan, saçak ýaly önümler edilýär. Düýe ýüň guşagy bili ýyly saklap, sowuklamanyň öňüni alýar. Düýe ýüňden edilen saçaga çörek dolanyp goýlanda, çöregi ýumşak saklaýar, heňletmeýär. Taryha nazar aýlasak, düýe maly adamzada zerur bolan azyk üçin we senagat pudaklary üçin çig mal çeşmesi, hojalykda ulag hökmünde giňden ulanylypdyr. Uzak aralary gysgaldyp, halklar arasynda alnyp barylýan söwda gatnaşyklary-da düýeleriň kömegi bilen amala aşyrylypdyr.

«E-S-iň» arhiwinden

«Aýgytly ädim» filminden

Ak keçe

Parasatly pederlerimiz keçä ýöne ýere «sähra halysy» diýmändirler. Ol diňe bir ynsan saglygyna şypa beriji, gülleriniň manysy syrlar kitaby ýa-da tehnologiýa taýdan gutarnykly senet bolman, eýsem, gadymy däp-dessurlaryň, ynançlardyr halk döredijilik eserleriniň ençemesiniň döremegine esas beripdir. Munuň özi halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu senede uly hormat-sarpa goýulýandygyndan nyşan. Aslynda, müňýyllyklara uzaýan taryhymyzyň arheologiýa yzlarynyň medeni gatlaklarynda ýüze çykarylan keçe önümleriniň ählisiniň ak reňkdedigini bellemegimiz gerek. W.I.Sarianidi «Miras» žurnalynda çap edilen «Marguş ýurdunyň täze sungat nusgalary» atly makalasynda: «Türkmen halyçylygy we keçe basmak senedi biziň çak edişimizden-de gadymydyr. Goňurdepede ýüze çykarylan, miladydan öňki II müňýyllyga degişli ak keçäniň bölekleri munuň şeýledigini subut edýär» diýip ýazýar.

Milli miras — terbiýe mekdebi

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň hem-de toplumda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda çykyş edenler Watanymyzy Ýer ýüzünde bitewi millet hökmünde tanatmakda esasy orun eýeleýän milli mirasymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi kämilleşdirmeklige, pederlerimizden gelýän milli däp-dessurlarymyza ygrarly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmeklige Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üns berilýän möhüm ugurlaryň biri hökmünde garalyp, bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen bellediler. Milli mirasymyzy aýawly saklamakda, gadymy däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy geljekki nesillere ýetirmekde ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.