Gözel Aşgabadyň uzalyp gidýän giň şaýollary, köçeleri bar. Şolaryň biri hem Magtymguly şaýoludyr.
Islendik bir ýurt hakynda gürrüň edilende, ilki bilen onuň paýtagty göz öňüňe gelýär. Paýtagt — ýurduň merkezi, esasy ýüzi bolup durýar. Paýtagtyň gözelligi oňa gelýän syýahatçylarda şol paýtagtyň özi bilen birlikde, ýurdy hakynda hem ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Şunuň esasynda hem her bir ýurt paýtagtyny ösdürmekde, özgertmekde, jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň köp gelýän merkezine öwürmekde ähli tagallalary edýär.