Parasatly pederlerimiz keçä ýöne ýere «sähra halysy» diýmändirler. Ol diňe bir ynsan saglygyna şypa beriji, gülleriniň manysy syrlar kitaby ýa-da tehnologiýa taýdan gutarnykly senet bolman, eýsem, gadymy däp-dessurlaryň, ynançlardyr halk döredijilik eserleriniň ençemesiniň döremegine esas beripdir. Munuň özi halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu senede uly hormat-sarpa goýulýandygyndan nyşan.
Aslynda, müňýyllyklara uzaýan taryhymyzyň arheologiýa yzlarynyň medeni gatlaklarynda ýüze çykarylan keçe önümleriniň ählisiniň ak reňkdedigini bellemegimiz gerek. W.I.Sarianidi «Miras» žurnalynda çap edilen «Marguş ýurdunyň täze sungat nusgalary» atly makalasynda: «Türkmen halyçylygy we keçe basmak senedi biziň çak edişimizden-de gadymydyr. Goňurdepede ýüze çykarylan, miladydan öňki II müňýyllyga degişli ak keçäniň bölekleri munuň şeýledigini subut edýär» diýip ýazýar.