Nepisligiň nusgasy

8 Aprel 2021
1497

Ýiti öwüşginleriň we nepisligiň sazlaşygy bilen dünýäni haýrana goýýan halyda halkymyzyň ruhy dünýäsi açylýar. Halkyň taryhy nagyşlaryň üsti bilen beýan edilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halysy döwletiň milli medeni baýlygy hökmünde yglan edildi hem-de haly we haly önümlerini goramagyň, halyçylyk pudagyny ösdürmegiň kanunçylyk binýady döwrebap kämilleşdirildi. Esasy Kanunymyzda medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň ösmegine döwlet tarapyndan ýardam edilýändigi baradaky kadalar berkidildi. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan halyçylyk sungatymyz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki döwürde halkymyzyň milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegi, el haly işlerindäki gadymy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Kanunynda amaly-haşam sungatynyň we halk senetkärleriniň önümleri, şol sanda gadymy halylar, haly önümleri medeni gymmatlyklaryň sanawyna girizildi.

Täzegül MUHAMMETGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.