Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzdan miras galan gadymy golýazmalary we kitaplary dikeltmek, aýawly saklamak, olary okyjylar köpçüligine ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimizi has-da ösdürmek, häzirki zaman şertlerde kitaphana işini hem-de ilata edilýän kitaphana hyzmatlaryny kämilleşdirmek, bilimli, hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlary terbiýelemekde, milli mirasy we ylmyň gazananlaryny çuňňur öwrenmekde kitaphanalaryň aýratyn hyzmaty bardyr. Jemgyýetimiziň häzirki demokratik, döwrebap ýollar bilen ösýän taryhy döwründe milli köklerini dünýäniň öňdebaryjy gazananlary bilen utgaşdyrmakda kitaplar we beýleki maglumat çeşmeleri mynasyp orun eýeleýär. Şahsyýetiň umumy medeniýetini, onuň jemgyýetdäki durmuşa uýgunlaşmagynda, döwrebap şahsyýet bolmagynda, döredijilik, işjeňlik ukyplarynyň kemala gelmeginde, oňat bilim-terbiýe almagynda kitaplaryň gymmatly ähmiýeti bar.
Jemgyýetde kitaby söýmek, kitaba sarpa goýmak endikleriniň terbiýelenmegi ösen dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegine täsir edýär. Ruhy kämillige mukaddes garaýşy miras goýan ata-babalarymyzyň kitaba bolan hormaty edim-gylymlarymyza, terbiýämize, milli mirasymyza, döwletli ýörelgämize öwrülip galypdyr. Gahryman Arkadagymyz milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny wagyz etmek, jemgyýetimizde okamaga bolan kämil gatnaşygymyzyň giňden ornaşmagy barada uly alada edýär.