Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, özüniň duýgurlygy, saklygy, hüşgärligi bilen tanalan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda dünýäde meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň berilýär hem-de alabaýyň medeni gymmatlygy we özboluşlylygy açylyp görkezilýär. Munuň özi adamzadyň gymmatly durmuş tejribesiniň pähim-paýhas käniniň önümi bolan milli baýlyklarymyza has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik berýär.
Ata-babalarymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykly hereket etmegiň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini döredipdirler we bize miras goýupdyrlar. Ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, halkymyzyň aňynda orun alan bu ýörelgeler bagtyýarlyga beslenen döwrümizde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Milli itşynaslyk sungatyndaky tagallalar türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işiniň has-da ösdürilmeginde hem-de kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Bu assosiasiýanyň döredilmeginiň esasy maksady türkmen alabaýlarynyň tohumyny, onuň beýleki itlerden tapawutly aýratynlyklaryny aýawly saklamak we ösdürmek bolup durýar.