Milli miras — terbiýe mekdebi

7 Aprel 2021
1555

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň hem-de toplumda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda çykyş edenler Watanymyzy Ýer ýüzünde bitewi millet hökmünde tanatmakda esasy orun eýeleýän milli mirasymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi kämilleşdirmeklige, pederlerimizden gelýän milli däp-dessurlarymyza ygrarly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmeklige Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üns berilýän möhüm ugurlaryň biri hökmünde garalyp, bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen bellediler. Milli mirasymyzy aýawly saklamakda, gadymy däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy geljekki nesillere ýetirmekde ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Jemile PIRGULYÝEWA,
welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň işçileriň we gullukçylaryň hasaplaşygy boýunça buhgalteri, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.