Sazaklar — Garagumuň gymmatly ösümlikleri
Garagumda janly tebigatyň dürli wekilleri ýaşaýar. Dünýäniň beýleki çägeli çöllerinden tapawutlylykda, Garagumuň şeýle gazaply tebigy şertlerine uýgunlaşan ösümlikleriň sany az däldir. Şonuň üçin-de, Garaguma çöl däl-de, sähra diýilýär. Onuň ösümlik örtüginiň öwrenilmegi XIX asyryň ikinji ýarymynda başlandy. Häzirki wagtda alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, Garagumda 73 maşgala we 321 uruga degişli bolan ýokary derejeli gülli ösümlikleriň 757 görnüşi hasaba alnandyr. Cölde ösýän agaç ösümlikleriň 11 görnüşinden diňe 5-si: Konolliniň sözeni, gulanguýruk, gara sazak ýa-da ojar, gara we ak gandymlar hakyky çöl agaçlarydyr. Agaçlaryň galan 6 görnüşi Garagumuň çäginde ýerleşýän derýalaryň we kölleriň boýlarynda duşýar.