Sirkon — hökümdarlygyň daşy

17 Awgust 2023
1586

Sirkon, fiziki aýratynlyklary sebäpli iň gymmat daş bolan göwher bilen bäsleşip bilýän ýeke-täk tebigy daşdyr. Bu daşyň durulygy göwher daşyny ýatladýar. Sirkon daşyny, köplenç, «kubik sirkoniý» (Cubic Zirconia) diýlip atlandyrylan «atdaş» daşy bilen çalşylýar. Emma kubik sirkoniý daşynyň ýörgünli ady «fianit» bolup, ol emeli usulda ösdürilýän sintetiki mineraldyr. Bu iki daşyň çalşylmagynyň esasy sebäbi atlarynyň birmeňzeşligindedir. Sirkon gymmat bahaly tebigy daş bolup, gadymy döwürlerden bäri tanalýar. Alymlaryň belleýşi ýaly, sirkon daşynyň ady pars dilindäki «zargun» sözünden gelip çykyp, «altyn reňk» diýmegi aňladýar. Daşyň ýaşyl, açyk ýaşyl, goýy gyzyl, gyrmyzy, sary, altyn, gök, goňur reňkli görnüşleri bardyr. Zergärleriň köpüsi onuň reňksiz, dury görnüşlerine ýokary baha berýärler.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».