Tebigata söýgi — Watana söýgi

23 Awgust 2023
1170

Ata Watanymyzda tebigaty we onuň gözelliklerini goramakda hem-de baýlaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyň giňden ýola goýulmagy, orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna ekologiýa dersiniň girizilmegi bilen, ýaş nesliň daşky gurşawy goramak baradaky düşünjeliliginiň artdyrylmagy, ýaz we güýz möwsümlerinde miweli, pürli we saýaly baglaryň ekilmegi munuň subutnamasy bolup durýar. Döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramaga aýratyn uly ünsüň berilmegi geljegimiz baradaky aladadan ugur alýar. Çünki adamyň ýaşaýyş-durmuşy, saglygy tebigat we onuň arassalygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek baradaky asylly ýörelgeleri dowam etdirilýär. Bu ugurda döwrebap kanunlar, maksatnamalar kabul edilip, düýpli özgertmelere badalga berilýär. Tebigatymyzy gözel görnüşinde geljekki nesillerimize ýetirmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak, daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýän ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky wezipeleri durmuşa geçirmek olaryň esasy maksadydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, “Ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär”.

Gülnar Baýnepesowa,
Gyzylarbat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.