Ummasyz uly giňişlige ýaýylyp ýatan Garagum sährasy tebigy gözelliklere baý. Aýratyn hem, gökde bulut oýnap, ýerde müň dürli ot-çöpler gögerip, zemin lälezarlyga beslenen ýyllar onuň zynaty has-da artýar. Tutýan meýdany uly bolansoň ygal çölüň hemme ýerine deň düşmeýär. Kä ýyllar ýazdan soň tomsuň başynda ýagyş bölek-bölek ýagyp, kaklary süýji suwdan püre-pürleýär, daş-töweregi lälezarlyga besleýär. Şolar ýaly ýyllaryň ýazy goşa ýaz hasaplanýar. Çünki tomsuň yssysy başlansa-da, ýaýlalar ýaşyl begres ýapynyp, dürli görnüşli otlar çöl gözelligini, çopan maşgalalarynyň rysgal-berekedini artdyrýar. Öri meýdanlarda ot bol gögerse, çopan-çoluklaryň iş-aladalary ýeňleýär. Elbetde, Garagum sährasynda ýylyň her paslyna mahsus gögerýän ot-çöpleriň bolýandygy mälimdir. Ýagyş ýagyp, ygaly ýeterlik bolanda, tomus paslynyň yssy howa şertlerine uýgunlaşan güneýik, ýapyr, ketgen, ezgen, söwdek, gandym, çerkez ýaly gyrymsy ösümlikler birkemsiz gögerýär. Şol ösümlikler tomus paslynyň yssy günleri hem guraman, gök öwsüp oturýar. Çöldäki takyrlyklaryň peseňliginde gazylan kaklaryň ýagyş suwundan dolmagy çopanlaryň iş şertleri üçin uly ýeňillikdir. Kaklaryň töwereklerindäki sonarlykda ýaýnap, golaý aralykdan suwa ýakylýan mallary bakmakda hiç hili kynçylyk çekilmeýär. Şolar ýaly ýyllarda tejribeli çopanlar yssy howa şertlerinde mallary suwsatman bakmagy başarýarlar. Tomus pasly gögerýän dürli gök otlardan otlap, ýagyş suwundan içýän mallar hemişe guratlygyny saklaýarlar. Mallar gök otlukda näçe köp otladygyça, guratlygyna peýdasy uludyr. Tomsuna gögerýän ot-çöpleriň goýun-geçileriň hersine öz ýaramlylygy bilen tapawutlanýandygy çopanlaryň iş tejribesinden mälim. Bu babatda söwdegiň geçi maly üçin has ýaramlydygy bellidir. Boýy kemsiz ýetende, ýarym metr töweregi bolýan söwdek gumlukda, esasanam, gollaryň ýakalarynda, ýapylarda gögerýär. Ösüp boýy ýetende, ondan süýt görnüşli şire çogup durýar. Şonuň üçin söwdek biten meýdanda gezýän geçileriň sakgalyna, ýüzüne ýokuşýan şiresinden, guratlygyndan duýmak bolýar. Goýun maly bolsa güneýik, gandym, ezgen ýaly ösümlik kän gögeren meýdanda gezse, gowy daýanýar. Dowarlary gowy daýandyrmak üçin çopanlar gök ot gögerende goýun we geçileri aýry-aýrylykda hersini özbaşyna bakmagy amatly hasaplaýarlar. Belli bolşy ýaly, çopançylykda esasy netije mallaryň gurat gezmegidir. Umuman, azyk bolçulygyny gazanmakda, bazar-dükanlarymyzda ýokary hilli et önümleriniň bol bolmagynda, elýeterli bahalardan halkymyza ýetirilmeginde çopanlaryň çekýän asylly zähmetleriniň uly orny bar.
Şu ýyl Garagum sährasyna ygal bol düşüp, bijanlar jana gelip, ot-çöpler gögerip, goşgy-gazallarda, aýdym-mukamlarda waspy ýetirilýän gözellikleri, owadan görnüşleri döretdi. Aýratynam, welaýatymyzyň Ruhubelent etrabynyň çägindäki Malýapdan günorta tarapa maý aýynyň ahyrynda ýagan ýagyşdan soň çölde gögerýän ot-çöpler ýaýla, sähra gaýtalanmajak gözellik bolup ornady. Welaýatymyzyň günortasyndaky şol öri meýdanlarda, sonarly sähralarda dürli ýerlerden çopanlar mal sürülerini ýaýnatdylar. Ýaşyl begrese beslenen ýaýlalarda aga-ýana ýaýrap, ýaýnap ýören ownukly-irili mallaryň görnüşindäki gözellikler, şonuň ýaly-da owlak-guzularyň mylaýym mäleşýän sesleri biri-biriniň dowamyny ýetirýän, görmäge göz gerek diýilýän ajaýyplyklaryň sazlaşygy. Bu aýdanlarymyz bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýylynyň berekede beslenip gelýändiginiň aýdyň güwäsidir.