Kareliniň çomujy

19 Awgust 2023
1286

Garagum sährasynyň çägelik meýdanlarynda ösüp ýetişýän üýtgeşik ösümlikleriň biri-de kareliniň çomujydyr. Boýy 25 — 40 santimetr aralygynda, saýawanlylar (latynça Apiaceae Lindl.) maşgalasyna degişli bolan bu köpýyllyk ösümligiň köki miweli şekilli bolup, ösüş döwri gysgadyr. Kareliniň çomujynyň ýekeleýin dik ösýän baldagy gapdallara şahalanýar. Ýapraklary açyk-ýaşyl reňkli bolup, 3 bölege dilinen görnüşdedir. Bu ösümligiň gültäji edil şöhle saçyp durana meňzeş. Güllerinde 5-e çenli gül ýapraklary bolýar. Gülleriniň diametri 1 santimetr töweregidir. Kareliniň çomujy maý aýynda gülläp, iýunda miweleýär. Onyň gülleri owadan öwüşginli, ýapyk melewşe we gara reňklerde bolup bilýän, daşky keşbi siňek tutujy duzaga meňzeş ösümlikdir. Örän ýiti ysy bilen tozanlandyryjyny özüne oňat çekýär. Kareliniň çomujynyň ýerasty köki süýnmegräk şar şekilli gurluşa eýedir. Ondan kiçijik damar şekilli kökjagazlar ýaýrap, toprakdan iýmit maddalaryny sorup alýarlar. Bu ösümligiň ýaşyl ýapraklaryny pyşdyllar iýýärler. Güýz-gyş aýlarynda ýerasty bölegi gemrijiler üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Bu ösümlik Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlarynda seýrek duş gelýär.

Aziza FURKATŽANOWA,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň uly ylmy işgäri.