Leýlisaç (liriki oýlanma)

17 Awgust 2023
1580

Kuýaşa baý türkmen tebigatynyň gözelliklerini synladygyňça, ol gudratly tebigatyň öz perzentlerine eçilen täsinliklerine haýran galýarsyň. Daglaryň belentligi, çeşmedir çaýlaryň gulaga ýakymly owaz bolup şildireýşi, bagdyr daragtlaryň saýasy bilen ynsany gujagyna basyşy, aý, garaz, göwnüňi göterýän dumly-duş ýaşamaga degýän bu dünýä bolan yhlasyňy artdyrýar. Gözelliklere nazaryň düşende: «Tebigat meni şeýle söýýär welin, onuň her bir daban ýalyjak ýerini, bir owurt suwuny aýamak meniňem perzentlik borjum» diýip, olara tagzym edýärsiň. Sebäbi eneň kimin bagryna basan topragyň üsti-asty mukaddeslik.

Wagtal-wagtal agtyklarym bilen dynç almak üçin merjen paýtagtymyzyň seýilgählerine gezelenç edýärin. Saýaly daragtlar, bark urýan güller, saza goşulyp towlanjyraýan suw çüwdürimleri, serhowuzlar özüne çekýär. Her haýsy özüniň aýratyn keşbi, görnüşi bilen dünýäni ýaşyl dona büreýän daragtlaryň saýasynda oturyşyma, olaryň syrdaşlyk ukybynyň bardygyna-da göz ýetirýärin. Sebäbi käwagt kim bilen paýlaşsamkam diýip, kalbyňa sygdyryp bilmedik syryňy olaryň golaýyna baryp, ýuwaşjadan pyşyrdaýarsyň welin, olar hamala saňa «hä» berýän ýaly, başlaryny atyp, göwünlik berýän ynsana öwrülýärler. Sen hem içiňi dökenden bolup, ýüregiň giňäp gidýär. Pederlerimiz: «Ýer ýüzündäki ähli zatlar janlydyr, olary ynjytmaly däldir» diýip, ýöne ýere aýtmadyk bolsalar gerek.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».