...«Essalawmaleýkim, suw aga!». Bu türkmen aganyň suwuň kenaryna baranda zybana getirýän sözleri. Ol ýöne ýerden däl. Ata-baba ýoluny mydama ýagşy arzuw-umytlar bilen dowam etdirýän türkmen suwa hormat goýup gelipdir. Sebäbi suw Hakyň didaryny gören ýeke-täk barlyk hasaplanýar. Şonuň üçin-de, ol keramat derejesine göterilipdir. Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar. Ol küpürsäp ýatan topraga-da jan berýär. «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl», «Suw — hasylyň enesi» diýilýär. Süýji suw toprak bilen birleşip, bereket, sahawat eçilýär. Ol diňe bir saçaklarymyzy däl, kalbymyzy-da bezeýär.
Ýurdumyzyň çäkleriniň köp bölegini Garagum sährasy tutýar. Biz muňa guwanýarys, buýsanýarys. Sebäbi Garagum — durşuna hazyna we baýlyk. Türkmen onuň hözirini-de görüp başlady. Çölüň çägesi kremniý elementiniň esasy gory bolsa, onuň astyndaky çuňlukda nebitdir gazyň ummasyz möçberi bar. Olary özleşdirmek, ýurduň we halkyň bähbidine gönükdirmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň möçberini artdyrmak üçin Amyderýanyň süýji suwuny Garagum derýasy arkaly Balkan welaýatynyň çäklerine eltmek işi geçen asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, Garagum derýasynyň iki kenarynda ýüz müňlerçe gektar suwarymly ýerler emele geldi. Amyderýadan Garagum derýasyna akdyrylýan suwuň gyrmançalardan arassalanmagy we onuň kadaly akymyny üpjün etmek üçin öňki Zeýit çöketliginde «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» adyndaky uly emeli suw howdany guruldy. Oňa toplanýan suwuň möçberini artdyrmak işi ýene-de dowam etdirilýär.