"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Rowaýata öwrülen göwher

Gündogarda jadylaýjy gözelligi bilen älemi haýrana goýýan daşlaryň biri-de almaz, ýagny göwherdir. «Almaz» sözi grek dilindäki «adamoş» sözünden gelip çykyp, «ýeňilmeýän» diýen manyny aňladýar. Sebäbi almaz juda berk daş bolup, al-sary, solgun gülgüne reňkde bolýar. Rowaýata görä, göwherler ýyldyzlaryň Ýere gaçan bölejiklerimiş. Onuň özüne çekiji güýji bar. Göräýmäge reňksiz, çala gök öwüsýän göwherler özüne sereden gözleriň ählisini jadylamagy başarýar. Ol dürli ýaşdaky, derejedäki adamlara öz täsirini ýetirmegi başarýar. Hemme wagtlarda-da dury, arassa, birkemsiz göwherleriň öz eýelerini gorap, üstünlik gazanmagyna, işleriniň şowlamagyna ýetirýän täsirleri hakynda köp aýdylypdyr.

Öý bikesi öwrense...

Gaplanan batyrma Gerekli önümler: 3 kg pomidor, 2 sany sogan, 2 sany bolgar burçy, 2 sany käşir, 2 diş sarymsak, ýarym desse arpabadyýan we şibit, 2 sany lawr ýapragy, 1 bulgur ösümlik ýagy, geregiçe duz.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Iýul 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Bu döwürde hamallaryň gujur-gaýraty we özlerine bolan ynamy artar. Iýul dynç almak, syýahata gitmek üçin örän amatly pursat. Eger-de dynç alşa gidip bilmedik ýagdaýyňyzda hem gynanyp oturmaly däldigini ýyldyzlar ýatladýar. Bu döwürde siziň öýüňiziň şatlyk-şowhuny, asudalygy artyp, özüňizi ruhy taýdan rahat duýarsyňyz. Şahsy meselelerde, hyzmatdaşlykda hem-de maşgala gatnaşyklarynda size täze özgertmeler garaşýar. Tomsuň ortaky aýynda siz iş meselelerinde hyzmatdaşlyk saklaýan ýakynlaryňyza bil baglap bilersiňiz. Bu aý siziň üçin uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirmekde maksatnamadyr meýilnamalary düzmekde örän amatly döwür bolup biler. Aýyň ahyrynda durmuşyňyzda ozal goýberen säwlikleriňiz ýüzüniň ugruna düzeler.

Bananly buzgaýmak

Gadyrly çagalar, žurnalymyzyň şu sanynda tomus paslynyň gelmegi bilen hemmämiziň gowy görýän tagamlarymyzyň biri bolan buzgaýmagyň taýýarlanylyşyny size öwretmegi makul bildik. Gerekli önümler:

Nesilleriň saglygy — jemgyýetiň baýlygy

Parasatly pederlerimiz körpe nesliň saglygyny hemişe iň möhüm zatlaryň hatarynda goýupdyr. «Bal süýji, baldan-da bala», «Balanyň barmagy agyrsa, enäniň ýüregi syzlar» diýip, körpe nesle bolan söýgüsini ýürek sözüne siňdirip ebedileşdiripdirler. Olara jemgyýetiň geljegi, ýagty ertiri hökmünde garap, hemişe aýap-apalapdyrlar, goraglapdyrlar. Olaryň saglygyny bütin jemgyýetiň saglygy bilen bir terezä goýupdyrlar. Körpe nesliň saglygy hakyndaky alada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giň gerime eýe bolýar. Tutuş jemgyýetiň saglygynyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda çagalaryň saglygyna gönükdirilen tutumlara hem aýratyn ornuň berilmegi, Türkmenistanyň bu ugurda milli hem-de sebit derejesindäki birnäçe taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmegi diýseň buýsandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji martynda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüniň tutulmagy munuň aýdyň ýüze çykmasy boldy. Şol gün ýurdumyzda birbada lukmançylyk desgalarynyň 3-siniň — 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 80 orunlyk Stomatologiýa merkeziniň, şeýle hem 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň düýbi tutuldy. Bu wajyp ähmiýetli desgalar eziz Diýarymyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyna, keselleri anyklamakda, bejermekde hem-de ö

Edebi eziz balalar

Çaga her bir maşgalanyň guwanjy, ýurduň hazyna-genji.  Türkmen maşgalasynda çaganyň orny, terbiýesi barada gürrüň edilende, halk arasynda giňden ulanylýan «Çagaly öý bazar» diýen pähim seriňe gelýär. Ýurdumyzda çagalaryň dogluş sanynyň ýyl-ýyldan artmagy halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşan. Biziň mähriban Watanymyzda çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin edilýän bimöçber aladalar  çagalaryň ähli arzuwlaryny hasyl edýär.  Çagalara döwletimiz tarapyndan kömek pullaryň tölenilmegi köp çagaly maşgalalaryň sanynyň artmagyna itergi berdi. Has takygy, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň talaplaryna laýyklykda, maşgala agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy, ata-eneleriň zähmet çekmegini maşgala borçlaryny ýerine ýetirmek bilen utgaşdyrmak babatda amatly şertler döredilýär. 

Per­zent ter­bi­ýe­si

Hü­när­men­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, il­ki­baş­dan, kör­pe­je­le­ri­ne ter­bi­ýe ber­ýän, olar bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bol­ýan ene-atanyň ça­ga­la­ry özü­ne ynam­ly, üs­tün­lik­li, dog­ru­çyl, umu­man, kä­mil adam­lar bo­lup ýe­tiş­ýär­ler. Ene-ata­nyň ça­ga­ny mä­hir, yh­las bi­len gur­şap al­ma­gy her bir per­zent üçin uly bagt­dyr. «Ter­bi­ýe» diý­mek­lik giň ma­ny­ly dü­şün­jä­ni aň­lad­ýar. Ter­bi­ýe ça­ga üçin ýa­kyn­la­ry­nyň gö­rel­de­si­dir. Se­bä­bi ça­ga­lar ede­bi, gö­rel­dä­ni, esa­san-da, eje­den, ka­ka­dan al­ýar. Ça­ga­lar üçin il­kin­ji gö­rel­de mek­de­bi öz eje-ka­ka­sy bo­lup dur­ýar. Aý­ra­tyn-da, gyz per­zent­ler eje­si­ne, og­lan­lar bol­sa, ka­ka­sy­na meň­ze­mä­ge ça­lyş­ýar­lar.

Ünsli diňlemek ― düşünmegiň ýarysy

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Göze aýan perişde sen

«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023. Ýe­ne nä­mä ga­har­lan­ýaň,

Per­zent ― ga­nat

«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023. «Bal süý­ji — bal­dan ba­la» diý­li­şi ýa­ly, eziz ça­ga­lar her bir ata-enä­niň göz ­gu­wan­jy­dyr. Bag­ty­ýar maş­ga­la oja­gy­ny ça­ga­syz göz öňü­ne ge­tir­mek as­la müm­kin däl­. Öý­le­ri­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, aba­dan­ly­gy­ny, bag­ty­ýar­ly­gy­ny art­dyr­ýan, da­ba­ra­lan­dyr­ýan ba­la­la­ry­myz­dyr. Ça­ga­la­ryň şa­dy­ýan gül­ki ses­le­ri, ola­ryň şat­lyk-şow­hu­ny dün­ýä­mi­zi be­ze­ýär. Şo­nuň üçin hem ça­ga dur­mu­şyň be­ze­gi di­ýil­ýär. Ene gu­ja­gyn­da ys­sy mä­hir­den gan­ýan ça­ga­ny gö­re­niň­de göw­nüň ga­nat­lan­ýar, olar bi­zi öz­le­ri­niň nä­zi­jek mäh­ri­ne ma­ýyl ed­ýär.

Maşgalam — baş galam

Ýurdumyzda maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan mertlik, paýhaslylyk, watansöýüjilik, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelen edeplilik, mylaýymlylyk, asyllylyk, wepalylyk ýörelgeleri bar. Maşgalanyň sütüniniň berk bolmagynda şol ýörelgelere uly orun degişlidir. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda bu ýörelgeler has-da rowaçlanýar, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Maşgala jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, kämilliginiň we abadançylygynyň kepili bolup durýar.  Ata Watanymyzda maşgala ojagynyň berk bolmagynda, eneleriň we çagalaryň hukuklarynyň goralmagynda ýurdumyzda hereket edýän Maşgala kodeksiniň ähmiýeti uludyr. Maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygy we ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmek, maşgalalaryň durmuş taýdan ygtybarly goralmagy babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kemala getirmek Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda — Esasy Kanunynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy barada kadanyň bolmagy eziz Diýarymyzda “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygyny görkezýär.

Terbiýe mekdebi — edebiň gözbaşy

Häzirki ajaýyp döwrümizde gadymdan gelýän milli ýörelgelerimize aýratyn üns berilýär. Şeýle ýörelgeleriň biri hem milli terbiýedir. Türkmen halky terbiýäni çagadan başlaýar. Şunda öwüt-ündew etmek, nesihat bermek, görelde görkezmek ýaly ugurlar maşgala ojagyndan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan her birimiz mukaddes hasaplaýan maşgala dessurlary, nesil terbiýesi ýaly durmuş kadalarymyzda kämil-durmuş ýaşaýşymyzyň ornunyň uludygyny nygtasymyz gelýär. Gözbaşyny kämillikden alyp gaýdýan durmuşymyz maşgala däplerimizi berk dowam edip, nesilleri terbiýelemekde örän berk hem kämil dowamlylygymyzy saklamaga borçlandyrýar. Şonuň ýaly-da maşgala agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisligidiginiň uly many-mazmuny bardyr. Türkmen halky öý-ojagy mukaddes hasaplaýar. Şonuň üçin hem öý-ojakda, jemgyýetde agzybirligi saklamak döwletlilikdir, bagtyň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda maşgala we nesil terbiýesi barada şeýle belleýär: «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär. Maşgala agzalarynyň gatnaşyklarynyň özboluşly ulgamy soň jemgyýetde ula sarpa, kiçä hormat goýmak, zenan maşgalalara garaýyş babatdaky esaslary özünde jemleýär».

Maşgala jebisligine bagyşlandy

Berkarar döwletimizde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, maşgala abatlygyny saklamak, nesilleriň bagtyýarlygyny üpjün etmek boýunça döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Biz hem raýatlaryň agzybirlikde, jebislikde göreldeli zähmet çekmeklerini üpjün etmek, halkymyza mahsus nusgalyk häsiýetleri gelin-gyzlarymyzyň arasynda wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işlerden çetde durmaýarys. Golaýda edaramyzda Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda «Berk maşgala — ýurduň daýanjy» diýen at bilen geçiren wagyz-nesihat we düşündiriş duşuşygymyz hem hut şu maksada gönükdirildi. Duşuşygyň dowamynda ýaşuly enelerimiz ýaşlara maşgala mukaddesliginiň däplerine eýermegiň talaplary dogrusynda gymmatly maslahatlaryny berdiler.

Ömürleriň dowamy

«Ýaşaýşyň gönezligi, törümiziň ýaraşygy». Eziz enelerimiz barada aýdylýan bu iki jümlede öý-ojak eýesiniň mähribanlygynyň beýany bar. Bu pursat nurana duýgulary kalbynda besläp, sallançak başynda şirinden-şirin hüwdülere hiňlenip, bütin barlyk bilen sazlaşykda oturan enäniň keşbi göz öňüňde janlanýar. Enäniň şirin hüwdülerinde eziz perzendine bolan söýgüsi bar, mähribanlygy bar. Ene owazly hüwdüleriniň üsti bilen janyndan jan beren balasyna ýagşy arzuw-dilegleri edýär. Enäniň doga-dileglerinde ýurt asudalygy, il abadanlygy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ene beýikleri dünýä inderýän beýiklik» diýýär. Akyldarlaryň ene hakynda aýdyp geçen hoş sözleriniň birinde bolsa: «Men beýik paýhasyň öňünde başymy egýärin, beýik ýüregiň öňünde bolsa dyza çökýärin» diýilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, eziz käbelerimiz ýanymyzdaka dünýämiz doludyr. Bu babatdan şahyr goşgy setirlerinde: «Eneň gezip ýörkä ýeriň ýüzünde, Ýaza barabardyr gyşyň howasy» diýýär. Ene söýgüsiniň, ene mähriniň näderejede gymmatlydygyna, ömrümiziň iň bagtly pursatlarynyň eneli günlerdigine soň has çuň göz ýetirýäris.

Iň owadan söz

Dünýä inip, durmuşa gadam basan günüňden, mähriban eneň, seniň üçin iň ýakyn adamyň bolýar. Onuň mylaýymdan hoş owaz bilen aýdan hüwdüleri kalbyň mukamy bolup ýaňlanýar. Ene seniň ýakyn maslahatçyň, dogry ýoldan ýöremegiň üçin alada edýän ynsan. Adam, durmuşyň ýagşy ýollary bilen bilelikde, kötel ýollaryny hem külterlemeli bolýar, şonda ejemiň: «Durmuş, beýik daglara çykanyňdaky ýaly, dyrmaşyp ýetilýän ýoldur. Her hili ýagdaý bolup biler, sen oňa taýyn bolmalysyň. Mertligi, merdanalygy ýoldaş edin, ejizlige müzzerme, şonda mertebäň beýik bolar» diýen sözleri herdaýym kuwwat berýär. Ejem janyň şu sözleriniň perzendi dogumlylyga, dogruçyllyga, adalatlylyga iterýändigine durmuşymda göz ýetirdim. Ol sözler her birimiziň öz ýolumyzy saýlamagymyz, il-ulsa haýyrly adamlar bolmagymyz üçin şamçyragdyr. Bu zatlaryň aňyrsynda ejemiň diňe bir dürdäne sözleri, hoşamaý owazy däl, eýsem, ilkinji nobatda, şahsy göreldesi şöhlelenýärdi. Ejem diňe öz çagalary üçin däl, goňşular üçin hem görüm-görelde mekdebidi. Haltäç eneler bilen goňşy ýaşaýardyk. Olaryň körpe gelni Güljan gelin bolup düşen gününden: «Gaýynenem maňa eýdip bakdy, beýdip bakdy, ho-ol durmuşa çykyp giden gyzynyň çagalaryna sowgat aldy, bişiren naharyma at dakdy» diýip, gaýynynyň hereketlerinden bolgusyz bahanalar tapyp, öz-özi was-wasa düşüp, öňünden çykana zeýrenerdi. Bu zatlaryň maşgala binýadyna zeper ýetirjekdigi ikuçsuzdy. E

Peýdaly maslahat

Öý şertlerinde ýeňil-ýelpaý işlerde-de «Bilýän-le» diýip, ony taýýarlamagyň usullarynyň ünsden düşürilýän pursatlary bolýar. Onsoň, şol işi ýerine ýetirmeli bolaýan halatynda hem daş-töweregiňe seredip oturman, ähli işlere «eli uzyn bolmak» zenany hiç wagt utandyrmaz. Ýaz, tomus pasyllarynda süýt, gatyk, süzme, peýnir, dorag ýaly önümler köp ulanylýar. Eýsem, bu önümleri öý şertlerinde nähili usulda taýýarlamaly? Ine, aşgabatly okyjymyz Aýgözel Berenowa gatygyň taýýarlanyşy bilen gyzyklanyp, redaksiýamyza ýüz tutdy. Onuň sowalyna Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hyzmat ediş boýunça hojalyk hasaplaşykly merkeziniň baş hünärmeni Ogulgerek Atanepesowa jogap berdi:

Ömür daragtdyr süýji miweli...

...Durmuş baradaky pikir öwürmelere sähel zat sebäp bolup bilýän ekeni. Bir gün işden öýe gaýdyp gelýärkäm, öňümden goňşymyň gelni çykdy. Gelin meni görüp, badyny biraz haýalladyp, ýaşmagynyň ujuny dişläp, başyny atyp, edep bilen salamlaşdy. Soň men öz ýolum bilen boldum, olam ýaňy aýak biten posalajyk oglunyň elinden tutup, howlukman ýöräp gitdi. Şol görnüşden ýadawlygym egsilen ýaly boldy. Öz ýanymdan: «Tüweleme, goňşymyň edaly, maýa ýaly gelni bar, gözden-dilden gorasyn...» diýip, dileg etdim. Halk içinde: «Gaýyn-gelniň topragy bir bolarmyş» diýilýändir. Ýöne şol «toprak» diýilýäni bir gysym gum däl-de, göwün topragy bolmaly. Onda bitýän sylaşyk miweleri öýüňi agzybir, ojagyňy rysgally edýär. Biziň her birimiz gaýynene bolmak mekdebini ýaş gelinlik döwründen okap başlaýarys. Gezek gelende-de, bu agzybirlik sapagyny öz gelinlerimize öwredýäris. «Gelin gelin däl, gelen ýeri gelin» diýýändir könelerimiz. Özüm gaýynene bolan günüm bu jümläniň manysyna doly göz ýetirdim. Elbetde, gelin bolup bosagaňdan ätlän çagany öz edebiňe salmaly, öz öýüň girim-çykymyny öwretmeli, bilýänjäňi paýlaşmaly, ýalňyşlardan goramaly. Ýöne gaýyn bolmagyňam özüne ýetik inçe syrlary, syny, edebi bar. Indi seredip otursam, özüm täze gelin bolup durmuşa çykyp gelenimde, gaýynenemdir gaýynatam o diýen uly ýaşly däl hem bolsa, biziň üçin ýaşuludy, ene-atady. Ene-atalyk bolsa, ýaşyňa görä däl-de, edebiňe, ag

Wepadarlyk

Geçen asyryň segseninji ýyllarydy. Tomsuň ortaky aýynda haly dokamaga girişdim. Halynyň kesilmegine az wagt galanda, çitimlik ak ýüplügiň ýetmezligi uly alada goýdy. Bazarda ak ýüplügiň köpdügine gözüm ýetip dursa-da, onuň öňki ýüplüge meňzeş boljagy ýa bolmajagy alada goýupdy. Şol alada bilen bazara ugradym. Hatara oturan dürli görnüşli ýüplükleri satýan aýallaryň arasyna baryp, synlamaga başladym. Ol ýerde halydyr palas üçin reňkler, sapaklaryň dürli görnüşleri, boýalan, boýalmadyk ýüplükleriň dürli görnüşleri bardy. Ýüplükleriň hemmesine birlaý göz aýlasam-da, özüme geregine nazarym düşmedi. Gerek zadym tapylmansoň, gaty gynanýardym. Yzyma boş gaýtmak islämokdym. Näme etjegimi bilmän durdum. Ine, birdenem, bazaryň aňry çetinde bir gysym bolup oturan zenana gözüm kaklyşdy. Gözleýän ak ýüplügim ol zenanyň öňünde duransoň, eglenmän ýanyna baryp: — Ýüplügiň bahasy näçe? — diýip soradym.

Oturgyç üçin daşlyk

Oturgyçlara daş tutmak olary arassa saklamaga ýardam edýär hem-de owadan mata böleginden laýyk biçüwde taýýarlanan oturgyç daşy otagyň gözelligine gözellik goşýar. Indi köp myhmanly, gelim-gidimli döwrebap kafeler we restoranlar hem oturgyçlaryny dürli biçüwli daşlyklar bilen bezeýärler. Bu olara oturgyçlary ençeme ýyllap abat ulanmaga ýardam edýär.

Solmaýan güller

— Durmuşda hiç bir zat deň ölçegde bolmaýar. Gül ýapraklarymy gyrkanymda deň ölçegde bolmaýany üçin gynanmaýaryn. Meniň üçin esasy zat — her gülümiň, her ýapragynyň biri-birinden üýtgeşikligini hem ajaýyplygyny gazanmak. Jessika Bimont.