Maşgalam — baş galam

31 Maý 2023
1578

Ýurdumyzda maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan mertlik, paýhaslylyk, watansöýüjilik, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelen edeplilik, mylaýymlylyk, asyllylyk, wepalylyk ýörelgeleri bar. Maşgalanyň sütüniniň berk bolmagynda şol ýörelgelere uly orun degişlidir. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda bu ýörelgeler has-da rowaçlanýar, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Maşgala jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, kämilliginiň we abadançylygynyň kepili bolup durýar. 

Ata Watanymyzda maşgala ojagynyň berk bolmagynda, eneleriň we çagalaryň hukuklarynyň goralmagynda ýurdumyzda hereket edýän Maşgala kodeksiniň ähmiýeti uludyr. Maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygy we ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmek, maşgalalaryň durmuş taýdan ygtybarly goralmagy babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kemala getirmek Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda — Esasy Kanunynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy barada kadanyň bolmagy eziz Diýarymyzda “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygyny görkezýär.

Gülşat Atalyýewa,
Bereket etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.